Ýetimiň nalasy! Bagyşla ejejan, edäýdimmi bimaza, Mazaryňa gelmän gitsem bolmaza. Her gün säher ýer başyňa gelýänme, Gelýär diýip hiç kes azar bermezä. Howwa menem oňat, penalap ýörňä, Ýürek gysýar, beýdip gysmazdy oňa. Senem ýanymda ýok, diňe ýanymda, Derdim bar şoň bilen geçýär her günim. Sen barkaň Ejejan görenim şatlyk, Sen gitdiň öýüň içem gum-gukluk. Indi meni oýarmaýar seň sesiň, Gideniňe ynanamokda men asyl. Ejejan, jan ejem her säher geljek, Pata berseň menem ýanyňa barjak. Arkaýyn ýatyrmyň Jennet jaýynda, Göyberseler baryp mähriňi görjek. Bor eje, aglamaýyň diýmerin gaýdyp, Diýaýdima ruhuňyz galkynar öydip. Aýdaýyňda baka ýakyna beýge, Kösemesindä ol bendesin beýdip. Şükür edýän eje razy Alladan, Özüň aýtdyň, Allaň guludyr adam. Kaýyl edenine boýun bar zada, Ejizlemen eje, etmerin jyda. Oglum diýip bakýar maňa müň eje, Sen mähriňçe ýokda olar jan eje. Seň mähriňde özge mähre garaşman, Bir ýylgyrşyň müň ömüre çalyşman. Ýogsada eje, toý bar şu gün eziz obaňda, Şol toýa baraýsa ýalňyz balaňda. Şatlanjak, şatlanmagyňa garaşjak, Agladyňa geçen sapar aglamda. Bor onda ugraýyn hoş gal jan eje, Şatalamda, şatlanmagňa garaşjak. Dostlarym ejeleri bilen bilen tans etse, Seni görjek şol wagt göge seretjek. Gel eje, gel eje hökman gelginiň, Bärde ýalňyzlygym sen bir bilginiň. Hemme adam maňa gussaly garap, Diýmesinlerdä ýetim barmagyn uzap. Öňem şol sözi maňa diýýän kän, Emma ýürek diýýär, sen ýetim däl. Elmydam ýanymda senem bar ýaly, Ýatlaýan Siz bilen Beýik Hudaýy. Ejejan, Gitmänkäm öpäýin bir mazaryňdan, Ganan dek bolýan-da o didaryňdan. Sag bol, hoş gal eje gelerin ýene, Derdimiň dermany iň mährem ýere. Hoş gal jan Ejem, hoş gal Käbäm